Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy. Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni. Sensiň meniň gizlenýän ýerim; goraýarsyň meni howp-hatarlardan; Sen meni halas eýlediň, ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela Köp bolýandyr erbetleriň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň sadyk söýgüsi. Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar. Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.
Выбор основного перевода