Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara. Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar, sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler. Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin. Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek, Meniň agzymdan çykýan sözüm-‑de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär. Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.
Выбор основного перевода