Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar. Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny. Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň. Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar? Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin. Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr. Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam, Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar. Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.
Выбор основного перевода