Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi. «Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim. Gündogardaky manaşa tiresine bolsa Gilgadyň galan ýarysyny we Oguň hanlygy bolan tutuş Başany, ýagny tutuş Argop topragyny berdim. (Tutuş Başan rapalaryň ülkesi diýip atlandyrylýardy.)
Выбор основного перевода