Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň sözüni eşidip, görmek üçin, kim Onuň maslahatynda boldy? Onuň sözüni ýerine ýetirmek üçin, kim Oňa gulak asdy? Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez. Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär. Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler. Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.
Выбор основного перевода