Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler: «Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris». Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi. Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy. Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy. Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi. Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler. Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy. «Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy.
Выбор основного перевода