Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan. «Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr. Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy. Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Sebäbi siz Meniň aýdýanlarymy diňlemegi başarmaýarsyňyz. „Bar-da, bu halka şeýle diý: Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz. Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“. Mukaddes Ýazgylarda olar barada şeýle ýazylgydyr: «Hudaý olary agyr uka batyrdy, olara görýän göz, eşidýän gulak bermedi». Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, billeri ömürlik bükülip galsyn». Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.
Выбор основного перевода