Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler». Köp milletler bu şäheriň ýanyndan geçende, biri-birine: ‘Bu beýik şäheri Reb näme üçin beýtdikä?’ diýerler. Olara şeýle jogap bererler: ‘Olar özleriniň Hudaýy Rebbiň ähtini terk etdiler, başga hudaýlara sežde we gulluk etdiler’“.
Выбор основного перевода