Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Kanun taglymaty
Параллельные места
Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ine, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler. Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz! Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň! Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz». Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler. Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler. Olar ary kimin meni gurşady, ýöne ýandak ody dek söndi, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
Выбор основного перевода