Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Kanun taglymaty
Параллельные места
Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi. Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy! Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?» Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler. Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler. Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler, Rebbiň sesini diňlemediler.
Выбор основного перевода