Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Kanun taglymaty
Параллельные места
Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük. Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler». Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi. Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler. Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken. Biz ol ýerde nefilleri (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik». Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr. Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.
Выбор основного перевода