Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Kanun taglymaty
Параллельные места
Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar. Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy. Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar. Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.
Выбор основного перевода