Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Kanun taglymaty
Параллельные места
Reb şeýle jogap berdi: «Men seniň aýdyşyň ýaly bulary bagyşlaryn. Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin: Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez. Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler. Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň». Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim. Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin. Şu çölde läşiňizi sererin. Ilat sanawynda hasaba alnyp, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlaryň hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler. Şol gün Musa kasam edip: „Aýagyňyň basjak ýerleri seniň we çagalaryňyň hemişelik mülki bolar, sebäbi sen tutuş kalbyň bilen Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdiň“ diýipdi. Hudaý: «Olar dynçlyk mekanyma girmezler» diýip, kimler hakda kasam etdi? Özüne tabyn bolmaýan adamlar hakda dälmi näme?
Выбор основного перевода