Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim. Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin! Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi. Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!
Выбор основного перевода