Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar. Näme ýaraň üçin perýat edýärsiň? Derdiňe şypa tapylmaz. Ýazygyňyň çökderdigi zerarly, günäleriňiň sansyzdygy sebäpli seni şu güne saldym. Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin. Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme. Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, kabul eden perzendine temmi berýändir».
Выбор основного перевода