Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Ýermeýany zyndandaky çukura gabadylar, ol ençeme günläp, ol ýerde galdy. Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy. Emma sag-salamatlygy pygamberlik edýäniň sözi hakykatdan-da amala aşanda, diňe şonda ol pygamberi Rebbiň ýollandygy belli bolar». Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp, ony döwdi. Bir daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýele degişli hiç zat üýtgedilmesin diýip, patyşa özüniň we töreleriniň möhürli ýüzügi bilen daşy möhürledi.
Выбор основного перевода