Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly! Garawullar daňyň atmagyna intizar, hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar, meniň janym şondan hem köp Taňra intizar. Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!» Gije kalbym Seni küýseýär, janym Seni çynlakaý yzlaýar, hökümleriň ýer ýüzündekä, dünýäniň bütin ilaty dogrulygy öwrener. Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly! Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.
Выбор основного перевода