Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär hem-de Saňa garşy äht baglaşýar: Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik. «Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler. Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr. Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň. Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.
Выбор основного перевода