Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz. Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam, bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.
Выбор основного перевода