Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr. Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?! Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň. Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez. Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr. Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr. Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.
Выбор основного перевода