Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi. «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Patyşa hasaplaşyga başlanda, onuň ýanyna ägirt möçberdäki pul bergisi bolan bir dolandyryjysyny getirýärler. Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar. Dolandyryjy ýere ýüzin düşüp, hojaýynyna: „Sabyr et! Baryny bereýin“ diýip ýalbarýar. Hojaýynyň oňa rehimi inýär, onuň bergisini geçip, ony boşadyp goýberýär. Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“ diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar. Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bererin“ diýip, oňa ýalbarýar. Emma ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olar gidip, bolan ähli zady onuň hojaýynyna habar berýärler. Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?“ diýýär. Hojaýyny gazaba münüp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline tabşyrýar. Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».
Выбор основного перевода