Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Garga balalary Hudaýa nalyş edip, açlykdan entänlerinde, olary olja bilen üpjün edýän kim? Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär. Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir. Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz!
Выбор основного перевода