Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi. Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi. Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler. Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary Ýahudada henize çenli görlüp-eşidilmändi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy. Süleýmana bir ýylda gelýän altynyň agramy bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy. Bu alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan gelýän altyndan daşarydy. Ähli arap şalary, ýurduň häkimleri hem Süleýmana altyn-kümüş berýärdiler. Süleýmana bir ýylda gelýän altynyň agramy bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy. Bu alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan gelýän altyndan daşarydy. Ähli arap şalary, ýurduň häkimleri hem Süleýmana altyn-kümüş berýärdiler. Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak altyn sarp edildi. Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana sekiz ýarym gadak altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler. Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin ähli milletleriň patyşalary onuň didaryna zardy. Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, hoşboý ysly zatlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi. Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi. Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi. Süleýmanyň galan ähli işleri – owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr. Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi. Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Ogly Rehabgam onuň ýerine patyşa boldy. Beýik işler etdim: jaýlar gurdum, üzüm agaçlaryny ekdim, özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim. Ösüp oturan baglary suwarmak üçin, howuzlar edindim. Gullardyr gyrnaklar satyn aldym; öz öýümde doglan gullarym bardy, süri-süri mal-garam bardy. Olar menden öň Iýerusalimde bolanlaryňkydan köpdi. Özüm üçin altyn, kümüş we patyşalaryň, welaýatlaryň hazynalaryny topladym. Erkekdir aýal aýdymçylary hakyna tutdum. Islendik erkegiň göwnüne ýaramly gözel gyrnak aýallar edindim. Şeýdip, men beýgelip, özümden öň Iýerusalimde bolanlaryň ählisinden ozdum. Paýhasym şonda-da meniň bilendi. Gözlerimiň islän zadyny gaýgyrmadym; ýüregimi hiç bir lezzetden mahrum etmedim; kalbym eden her işimden lezzet aldy. Bu çeken ähli zähmetimiň muzdudy. Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.
Выбор основного перевода