Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar. Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr. Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň. Şeýle hazyna olaryň gelejeginiň berk binýady bolup, hakyky ýaşaýşa ýetirer. Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.
Выбор основного перевода