Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi. Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy. Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler. Hudaý tarapyndan Ýahýa atly bir adam iberildi. Ine, ýahudylaryň baştutanlary Iýerusalimden ruhanylary we lewileri Ýahýanyň ýanyna iberdiler. Olar Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar. Ýahýa sözüni inkär etmedi, ol şaýatlyk edip: «Men Mesih däl» diýip, çürt-kesik ykrar etdi. Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi. Ahyry olar: «Onda sen kim? Biz özümizi ýollanlara näme jogap bereli? Sen özüň hakda näme aýdyp biljek?» diýip soradylar. Ýahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“ diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi. Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesihem, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar. Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesihem, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar. Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi. Bu wakalaryň hemmesi Iordan derýasynyň gündogaryndaky Beýtaniýada, Ýahýanyň suwa çümdürýän ýerinde bolup geçdi. Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.
Выбор основного перевода