Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. Siziň haýsy biriňiz ogluňyz çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände, ýylan berer? Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi? Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer. Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Hawa, Meniň adym bilen Menden näme dileseňiz, dilegiňizi berjaý ederin. Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-‑biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris. Onuň ähli dileglerimizi eşidýändigini bilýän bolsak, Ondan dilän zadymyzy aljakdygymyzy-da bilýändiris.
Выбор основного перевода