Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler. Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar. Bu adam Petrus bilen Ýohannanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi. Petrus bilen Ýohanna oňa üns berip seretdiler. Soňra Petrus oňa: «Bize seret!» diýdi. Ýaňky adam olardan bir zat alaryn öýdüp, olara çiňerilip seretdi. Petrus oňa: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne özümde barymy saňa berýärin. Nasyraly Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: Tur-da, ýöre!» diýdi. Onsoň Petrus onuň sag elinden tutup, oňa ýerinden turmaga kömek etdi. Ýaňky adamyň şobada aýaklaryna ysgyn geldi. Ol ýokary towusdy-da, ýöräp başlady. Onsoň Hudaýa alkyş aýdyp, ýöräp hem towsup, olar bilen birlikde ybadathana girdi. Bütin halk onuň ýöreýändigini we Hudaýy alkyşlaýandygyny gördi. Adamlar onuň ybadathananyň Owadan diýen derwezesinde sadaka diläp oturýan adamdygyny tanadylar. Onuň başdan geçiren bu wakasyna juda haýran galdylar.
Выбор основного перевода