Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurduň ähli agaçlary belent agajy peseldýäniň, pes agajy beýgeldýäniň, ýaşyl agajy guradýanyň, guran agajy gögerdýäniň Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýdýandyryn, amala-da aşyraryn». Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar. Ol bagbana: „Men üç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän, emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderek ýer tutup otyr?“ diýýär. Emma bagban oňa: „Agam, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökün bereýin. Geljek ýyl miwe berse-hä ne ýagşy, bermese-de, ony kesip taşlarsyň“ diýýär». Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.
Выбор основного перевода