Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlary gözden geçirdi. Soňra gün gijigip barýandygy üçin, on iki şägirdi bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi. Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar. Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy. Şondan soň Isa ýahudylaryň arasynda aç-açan gezmedi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy. Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi. Ol ýerde Isanyň hormatyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa myhmanlar we Isa bilen bir saçagyň başynda otyrdy. Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy. Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Ýudas Iskariýot: «Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna barabar ahyry» diýdi. Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Ol Meni jaýlanjak günüme taýýarlamak üçin şeýle etdi. Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi.
Выбор основного перевода