Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler. Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň. Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň. Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär. Emma Men size diýýärin, aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir. Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir». Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir. Nikadakylara bolsa men däl-de, Reb buýurýandyr: aýal öz ärinden aýrylmasyn. Eger aýrylan bolsa, başga äre barmasyn ýa-da öz äri bilen ýaraşsyn. Är-de öz aýalyndan aýrylmasyn. Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn. Eger aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri-de onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, bu aýal äri bilen aýrylyşmasyn. Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.
Выбор основного перевода