Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. Muny bir ýyllyk iş hakyna barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler. Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz. «Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna barabar ahyry» diýdi. Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler.
Выбор основного перевода