Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin. Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi. Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir. Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.
Выбор основного перевода