Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, emma mundan artygy aňyňyza sygmaz. Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir. Emma dul galan erkeklere we aýallara şeýle diýýärin: olara men ýaly öýlenmezlik ýagşydyr. Emma özlerine erk edip bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler. Çünki yşk heserine ýanandan, öýlenmek ýagşydyr. Nikadakylara bolsa men däl-de, Reb buýurýandyr: aýal öz ärinden aýrylmasyn. Eger aýrylan bolsa, başga äre barmasyn ýa-da öz äri bilen ýaraşsyn. Är-de öz aýalyndan aýrylmasyn. Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn. Eger aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri-de onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, bu aýal äri bilen aýrylyşmasyn. Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir. Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir. Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir. Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.
Выбор основного перевода