Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy. Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy. Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi. Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. Başymdan geçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz. Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşa edip belleýärin. Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz». Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.
Выбор основного перевода