Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar. Adam öldürme. Zyna etme. Ogurlyk etme. Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme. Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň. Adam öldürme. Zyna etme. Ogurlyk etme. Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme. Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir. Sebäbi «Zyna etme» diýen Hudaý «Adam öldürme» hem diýendir. Eger siz zyna etmeseňiz, emma adam öldürseňiz, kanuny bozan jenaýatkär bolýansyňyz.
Выбор основного перевода