Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kümşi däl, nesihatymy al, sap altyn ornuna bilim al. Çünki danalyk jöwherden gowudyr, hiç arzyly zat oňa taý gelmez. Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi. Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi. Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi. Emma öň bähbitli saýan zatlarymy indi Mesihiň hatyrasyna biderek saýýaryn. Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär. On iki derweze on iki dürden, ýagny her derweze bütewi bir dürden ýasalandy. Şäheriň şaýoly sap altyndan bolup, aýna ýaly ýalpyldaýardy.
Выбор основного перевода