Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz. Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz. Çyrany ýakyp, gabyň aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir. Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar. Siz nähili pikir edýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda goýup, azaşanyň gözlegine çykmazmy? Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem has köp begener. Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir. Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň. Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz. Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň.
Выбор основного перевода