Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
ony kümüş ýaly gözleseň, hazyna dek agtarsaň, Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň! Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar. Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz. Emma öň bähbitli saýan zatlarymy indi Mesihiň hatyrasyna biderek saýýaryn. Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.
Выбор основного перевода