Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündirip ber» diýdi. Isa on iki şägirdi we başga käbir adamlar bilen ýeke galanda, olar Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda başga tymsallara nähili düşünjeksiňiz? Isa halka düşünip biljek derejesinde şunuň ýaly köp tymsallar arkaly gürrüň berýärdi. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi. Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar.
Выбор основного перевода