Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler. Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi. Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.
Выбор основного перевода