Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar. Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar. Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular. Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn. Eý, patyşahym, düýşüň ýorgudy şudur: Beýik Hudaýyň emr eden hökümi geljekde seniň başyňdan iner.
Выбор основного перевода