Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin. Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn. ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin öwezlik tölegini tölesin. Ýene onuň üstüne öwezlik tölegiň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin. Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi. Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
Выбор основного перевода