Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir: ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin. Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin. Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin. Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk gurbanlygydyr. Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun. Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn. Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun. Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn. Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin.
Выбор основного перевода