Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun. Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna akdyrsyn. Ruhany guşuň petekesini içindäki zatlary bilen bile alyp, gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapyna, kül atylýan ýere taşlasyn. Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
Выбор основного перевода