Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyl halkyna aýt: „Eger göwreli aýal ogul dogursa, edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, ol aýal ýedi günläp haramdyr. Doglan çaga sekizlenji gün sünnet edilsin. Aýalyň gandan tämizleniş döwri otuz üç gün dowam eder. Ol özüniň tämizleniş döwri gutarýança, hiç bir mukaddes zada galtaşmasyn ýa-da mukaddes öýe girmesin. Eger aýal gyz dogursa, ol edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, iki hepdeläp haramdyr. Onuň gandan tämizleniş döwri altmyş alty gün dowam eder. Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin – parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin. Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir. Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“». Reb Musa we Haruna şeýle diýdi: «Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin. Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin. Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar. Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin. Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. Eger kimdir biri deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. Emma keselliniň endamyndaky ýaranyň içindäki et gyzaran bolsa, ol şol günüň özünde haram diýip yglan edilsin. Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gyzaran et harapdyr, çünki ol deri keselidir. Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir. Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir. Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir. Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr. Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar. Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. Emma ruhanynyň pikiriçe gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän deri keselidir. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn. Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr». «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. Ruhany zeňli zady gözden geçireninden soň, ony ýedi günläp aýry saklasyn. Ýedinji günde ruhany zeňli zady ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, deride ýa-da islendik bir deriden edilen zatda bolsa, ýaýraýan ýokançly zeňdir we ol haraplanandyr. Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan, ýa-da deriden – parhy ýok, ruhany ol zeň ýaýran eşigi oda ýaksyn. Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja, ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja, ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. Zeň ýokuşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda – parhy ýok, ony oda ýakyň. Eger ruhany ony gözden geçirýärkä, bu zatlar ýuwlandan soň zeňiň reňkiniň öçüşendigini görse, ol zeňi eşikden, erişden ýa-da argaçdan, ýa-da deriden ýyrtyp aýyrsyn. Eger bu zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, ýa-da deriden edilen bir zatda peýda bolup, ol ýaýrap başlasa, zeňli zady oda ýakyň. Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar. Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr». Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň haramlygy şundan ybaratdyr: onuň erkeklik agzasyndan suwuklygyň akmagy dowam edýänem bolsa, etmeýänem bolsa, ol haramdyr. Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr. Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn. Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar. Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin. Eger haýsydyr bir erkegiň tohumy aksa, ol adam tutuş bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli haramdyr. Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr. Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. Aýbaşy görýän aýal ýedi güne çenli haramdyr. Kim oňa galtaşsa, ol agşama çenli haramdyr. Aýbaşy görýän döwründe aýalyň düşenip ýatan her zady harap bolar. Aýalyň oturan her zady hem harapdyr. Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady – parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Eger erkek adam ol aýala ýanaşsa, aýalyň haramlygy erkege-de geçer we ol ýedi güne çenli haramdyr we onuň ýatan ýorgan-düşegi-de harapdyr. Eger aýalyň gan akmasy aýbaşy görýän döwründen daşary birnäçe günläp dowam etse, gan akmasy kesilýänçä, ol aýal edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň oturan islendik zady onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar. Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini-de, ýakma gurbanlygy hökmünde hödürläp, gan akmasy zerarly haram aýaly Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler. Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“». Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“».
Выбор основного перевода