Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn. Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan siziň üçin haramdyr. Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr. Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr. Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr. Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar. Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň. Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar. Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr. Muňa garamazdan, çeşme ýa-da guýy halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar. Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr. Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr. Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn. Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr. Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz. Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr. Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn. Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary haram bolar. Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.
Выбор основного перевода