Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol gün ysraýyllarda ysgyn-mydar galmandy, çünki Şawul: «Agşama çenli, men tä duşmanlarymdan arymy alýançam, duz dadana nälet bolsun» diýip, adamlara ant içiripdi. Şonuň üçin hem goşundan bir adam hem duz datmandy. Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin». Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi. Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.
Выбор основного перевода