Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi: Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň dowamynda öýleriňizde ýekeje-de hamyrmaýa bolmasyn. Kimde-kim hamyrmaýaly zat iýse, ol gelmişek ýa-da ýerli bolsun, ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Şu aýyň on bäşi güni baýramdyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi.
Выбор основного перевода