Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň. Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz. Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar. Onsoň adamlar şahalar getirip, her kim öz öýüniň üçeklerinde, howlularynda, Hudaýyň öýüniň howlularynda, Suw derwezesiniň, Efraýym derwezesiniň ýanyndaky meýdançalarda özlerine çatma dikdiler. Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady--horramlyk etdiler. Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi.
Выбор основного перевода