Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň. On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy, zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, on üç öküzçäniň her biri üçin bir batmanyň ondan üç, iki goçuň her biri üçin bir batmanyň ondan iki, on dört toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Ikinji gün şikessiz on iki sany öküzçäni, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Üçünji gün şikessiz on bir sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Dördünji gün şikessiz on öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Bäşinji gün şikessiz dokuz öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Altynjy gün şikessiz sekiz sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Ýedinji gün şikessiz ýedi öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Bir öküzi, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň. Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi. Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.
Выбор основного перевода